Anna güni TDHÇMB-niň söwdalarynda float aýnasyna uly isleg bildirildi

BT
Anna güni TDHÇMB-niň söwdalarynda float aýnasyna uly isleg bildirildi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna günindäki söwdalaşyklarynda jemi bahasy 33 million 181 müň 70 manat bolan float aýnasyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Birža söwdalaşyklarynda ýerlenilen önümler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilendir.

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda 18 geleşik hasaba alyndy. 

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

2022