Türkmen wekiliýeti Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýolbaşçylygynda Katardaky “Doha” forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Oguljahan Atabaýewa “Doha” forumynyň çäklerinde “Täze eýýamda çagalary goramak: inklýuziw ynsanperwer çäreleri ösdürmek” atly tematiki sessiýa gatnaşdy. Oguljahan Atabaýewa öz çykyşynda nesliň ahlak taýdan terbiýelenmäge, ýurdumyzda milli maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamaga we kämilleşdirmäge, hem-de çagalaryň bilim, lukmançylyk kömegi we beýleki serişdeler bilen deň mümkinçiliklerde üpjün edilmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Saparyň çäginde Oguljahan Atabaýewa Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned, jemgyýetçilik ösüş we maşgala ministri Buseýne bint Ali Al-Jaber Al-Nuaými, bilim we ýokary bilim ministri Lolwa bint Raşid bin Mohammed Al-Hater, şeýle-de Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça Katar gaznasynyň prezidenti Şeýha Moza bint Naser bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşykda taraplar ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, bilim başlangyçlaryny hem-de 10-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
“Doha” forumy 2025-nji ýylyň 6-njy dekabyrynda Katar Döwletiniň paýtagtynda döwlet emiri Şeih Tamim bin Hamad Al-Taniň gatnaşmagynda öz işine başlady. Oňa döwlet Baştutanlary, hökümet ýolbaşçylary, öňdebaryjy bilermenler we ýokary derejeli diplomatik wekiller gatnaşdylar.


















