Özbegistanda 200 sany türkmen kompaniýasy hereket edýär

BT
Özbegistanda 200 sany türkmen kompaniýasy hereket edýär
“Şabat–Daşoguz” serhetýaka söwda zolagy

Özbegistanda örtgi plitalaryny öndürýän kärhanalar, dokma, mebel kärhanasy we hyzmatlar ugurlarynda işleýän 200 sany türkmen kompaniýasy üstünlikli hereket edýär. Bu barada Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi metbugat beýanatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, oba-hojalyk senagaty, nebiti gaýtadan işleýiş we gaplama önümçiligi ulgamlarynda bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.

2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy $1,148 milliarda deň boldy. Şol döwürde ýangyç, ýag enjamlary, himiýa önümleri we senagat harytlarynyň satyn alyndygy esasynda, Özbegistanyň Türkmenistana eksporty $128 million, importy bolsa $1 milliarddan gowrak boldy.

Ykdysady gatnaşyklary berkitmekde ulag arabaglanyşygy möhüm ähmiýete eýedir. 2024-nji ýylda daşalan ýüküň möçberi 1,11 million tonna ýetdi, üstäşyr bolsa takmynan 40% artdy.

2025-nji ýylyň ýanwar–oktýabr aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy $876,8 million boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022