Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň täze şahamçasy açyldy

BT
Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň täze şahamçasy açyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy, 2025-nji ýylyň 9-njy dekabry, Awaza, Türkmenistan

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sişenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň täze şahamçasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Gaznanyň täze şahamçasy haýyr-sahawat çärelerini geçirmek, çagalar üçin lukmançylyk maslahatlaryny we medeni çäreleri guramak üçin utgaşdyryjy merkez bolar. Şeýle hem şahamçada çagalara maslahat beriş hyzmatlary alnyp barylar. Haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy ähli häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy. 

Dabara “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahata gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetleriň ýolbaşçylary hem-de agzalary, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň we ylym-bilim ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa giriş sözi bilen çykyş edip, Awazada gaznanyň täze şahamçasynyň açylmagynyň gazna degişli ynsanperwer işleriň ösdürilmeginde möhüm ädim bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem çagalary goldamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn nygtaldy.

2021-nji ýylyň mart aýynda esaslandyrylan haýyr-sahawat gaznasy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Gazna döredilen wagtyndan bäri dürli ýurtlarda tebigy betbagçylyklardan zeper ýeten çagalara kömek berýär, şeýle hem Türkmenistanyň içinde mätäç çagalar üçin saglygy bejeriş hyzmatlaryny üpjün edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС