Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň çäklerinde türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Tsubaý hem-de türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Hiroýuki Tsubaý bilen geçirilen duşuşykda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gaz hem-de himiýa senagaty ulgamynda ýaýbaňlandyrylan iri taslamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilendigi bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Neda Berger bilen geçirilen duşuşykda medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklaryň netijesinde taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça gatnaşyklary has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.


















