Prezident Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli çäreler üçin Aşgabada geldi

BT
Prezident Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli çäreler üçin Aşgabada geldi
Şawkat Mirziýoýewyň sapary, 2025-nji ýylyň 11-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: prezident.uz)

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 11-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Aşgabada geldi.

Özbegistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegine bagyşlanan halkara foruma gatnaşar.

Saparyň çäginde Prezident Şawkat Mirziýoýew birnäçe döwletleriň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Mundan ozal Aşgabada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa gelipdiler.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022