Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabatda geçirilýän “Parahatçylyk we ynanyşmak” halkara forumynda serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak meselelerine hem-de Aral bilen Hazaryň ekologik ýagdaýyna üns çekdi.
Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Tokaýew suw howpsuzlygynyň Gazagystan hem-de tutuş sebitiň strategiki ileri tutýan ugruna öwrülendigini nygtady.
Tokaýew Araly halas etmek boýunça halkara gaznasynyň işini has netijeli etmek hem-de Hazaryň ekoulgamynyň ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin döwletara maksatnamany döretmegi teklip etdi.
Şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň şeýle ugurlar boýunça bar bolan mandatlary we seljerişleri birleşdirip biljek Halkara Suw Guramasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Ol bu teklibiň BMG-nyň durnukly ösüş maksatlaryna doly kybap gelýändigini belledi.
Geljek ýylyň aprelinde Astanada Sebitleýin ekologik sammit geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şol ýerde Gazagystan Halkara suw guramasyny döretmek meselesini maslahatlaşmakçy.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabatdaky forumyň ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny berkitjekdigine we ynama esaslanýan adalatly dünýä tertibini gurmak boýunça halkara tagallalarynyň täze depgin almagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.


















