Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň halkalaýyn Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň çägindäki halkalaýyn gara ýolunyň ugrunda “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli täze awtoulaglara ýangyç guýujy bekedi ulanmaga berildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde ýekşenbe güni habar berildi.
Desga “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Aşgabat awtoulaglara ýangyç guýujy beketler müdirliginiň garamagynda hereket edýär. Bekediň umumy meýdany 1 gektara deň bolup, bu ýerde 12 sany ýangyç guýujy enjamlary gurnaldy. Taslama kuwwaty bir günüň dowamynda 3 müňe çenli awtoulagy hyzmat etmäge ukyplydyr.

Ýangyç guýujy bekedi awtoulaglara AI-95, AI-92 we AI-80 görnüşli awtoulag benzinlerini we dizel ýangyjyny bökdençsiz guýmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de bu beketde wideogözegçilik ulgamlary hem-de merkezleşdirilen elektron hasaba alyş ulgamy işe girizilendir.
Desga duýduryş, ýangyn söndüriji ulgamlary, gidrantlar we suw howdanlary ýaly häzirki zaman ýangyn howpsuzlygy serişdeleri bilen doly enjamlaşdyrlandyr. Işgärleriň zähmet çekmekleri we we dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir.
Ýangyç guýujy bekediniň açylyş dabarasy Türkmenistanda her ýyl 14-nji dekabrda bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramyna bagyşlandy.


















