Paýtagt Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Baş Täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy. Däp bolan dabaralar Aşgabat şäherindäki “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirildi. Bu barada Türkmemenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Belent arça dürli öwüşginli yşyklar we baýramçylyk bezegleri bilen bezeldi. Çärä köp sanly ýaşaýjylar we myhmanlar gatnaşdy. Baýramçylyk maksatnamasynyň çäginde folklor we tans toparlarynyň çykyşlary, şeýle hem erteki gahrymanlarynyň gatnaşmagynda sahna görkezilişleri guraldy.
Dabaranyň dowamynda Aýazbaba we Garpamyk çagalary gutlap, Täze ýyl sowgatlaryny paýlady. Medeni çykyşlar baýramçylyk ruhuny has-da artdyrdy.
Şol gün Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde we etraplarynda hem Täze ýyl arçalarynyň yşyklary ýakylyp, baýramçylyk çäreleri başlandy.


















