2026-njy ýylyň 4–5-nji fewralynda Bişkek şäherinde ikinji “B5+1” (Merkezi Aziýa + ABŞ) işewürlik forumy geçiriler. Bu barada Gyrgyzystanyň ykdysadyýet we söwda ministrligi sişenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi diýip, “vesti.kg” habar agentligi habar berýär.
Forum 6-njy noýabrda Waşington şäherinde geçirilen “C5+1” sammitinde gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guralýar. Çäräniň maksady — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de ABŞ bilen ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi arkaly sebitde maýa goýum üçin has amatly şertleri döretmekdir.
Gyrgyzystanyň Ykdysadyýet we söwda ministrliginiň bellemegine görä, forumyň gün tertibinde Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşine täze itergi berjek birnäçe möhüm ugurlar göz öňünde tutulýar. Şol ugurlaryň hatarynda oba hojalygy döwrebaplaşdyrmak, elektron söwdany we IT pudagyny ösdürmek, ulag-logistika ulgamyny kämilleşdirmek, syýahatçylyk we bank hyzmatlaryny ösdürmek bilen bir hatarda, möhüm minerallar boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmek meselesi hem bar.
“B5+1” forumy ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan goldanylýan “Merkezi Aziýada işewür gurşawy ösdürmek” (IBECA) maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu maksatnama Halkara Hususy Pudak Merkezi (CIPE) tarapyndan durmuşa geçirilýär. Forum, “C5+1” diplomatik görnüşindäki hyzmatdaşlygy dowam etdirip, sebitde işewür gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.



30738-495x4352.jpg)







30738-90x604.jpg)

30734-90x604.jpeg)




