Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Parahat” hususy kärhanasy tarapyndan talh çakyr kärhanasy ulanmaga berildi. Bu barada “Watan habarlary” maglumatlar gepleşigi penşenbe güni habar berdi.
Kärhananyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ahal welaýatynyň hem-de etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, zähmet toparlary, ýaşulular we sebitiň ýaşaýjylary gatnaşdy.
Täze önümçilik desgasy ösdürilen inžener-tehniki infrastruktura eýe bolan döwrebap çakyr önümçilik toplumydyr. Kärhananyň taslama kuwwaty ýylda 48 müň dekalitr gyzyl çakyr we 160 müň dekalitr gury ak çakyr öndürmäge niýetlenendir. Bu barada anna güni çap edilen “Neytralnyý Turkmenistan” gazetinde habar berildi.
Dabaralaryň dowamynda desganyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Kärhananyň işe girizilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebit üçin möhüm waka bolup, hususy pudakda eksport ugurly önümçilikleriň yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär.
Toplum häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, ýerli çig mal - üzüm esasynda öndürilýän önümler daşary ýurt bazarlarynda durnukly islegden peýdalanýar. Çig mal binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen üzümçilik üçin 100 gektar ýer bölünip berildi.
Şol gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda S.A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde hem täze agyz suwuny öndürýän kärhanasy işe girizildi.








30843-495x4352.jpeg)









