TDHÇMB-niň penşenbedäki söwdalaşyklary: geleşikler 27 million manatdan geçdi

BT
TDHÇMB-niň penşenbedäki söwdalaşyklary: geleşikler 27 million manatdan geçdi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat şäheri, Türkmenistan. (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) penşenbe güni geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 27 million 92 müň 580 manada deň boldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler “Türkmennebit” DK-nyň kärhanalarynda öndürilen nebit koksuny we türkmen telekeçisi tarapyndan öndürilen pagta ýüplügini satyn aldylar.

Owganystanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “B” kysymly karbamidi hem-de pagta süýümini satyn alyp, geleşikleriň umumy möçberi 1 million 906 müň 450 ABŞ dollaryna deň boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

Neşirimize ýazylmak üçin:

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022