Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndy topary Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilýän halkara ýaryşlarda 12 medal gazandylar. Bu ýerde bir wagtyň özünde 10-njy Halkara kubok, Arap çempionaty hem-de Günbatar Aziýa çempionaty geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
71 kilogram çenli agram derejesinde çykyş eden Bunýad Raşidow silterläp götermekde 145 kilogram netije bilen we iki görnüşiň jemi boýunça 314 kilogram bilen iki altyn medal gazandy. Şeýle-de Raşidow itekläp götermekde 169 kilogram netije bilen kümüş medala mynasyp boldy.
63 kilogram çenli agramda Medine Amanowa iki görnüşiň jemi netijesi boýunça 202 kilogram göterip üç sany kümüş medal gazandy. 53 kilogram çenli agram derejesinde çykyş eden Ogulşat Amanowa jemi 170 kilogram netije bilen üç bürünç medalyň eýesi boldy. 58 kilogram çenli agramda Zybagül Soýmuşowa ştangany silkip götermek görnüşinde 78 kilogram agramy galdyryp, ýygyndy toparyna bürünç medal getirdi.
79 kilogram agram derejesinde çykyş eden Gaýgysyz Toraýew ştangany itekläp götermek görnüşi boýunça 190 kilogram göterip kümüş medal, iki görnüşiň jemi boýunça 330 kilogram bilen bürünç medal gazandy.
Umuman, ýaryşa dünýäniň 28 ýurdundan 234 türgen gatnaşýar. Katardaky bu iri halkara sport ýaryşa 27-nji dekabra çenli dowam eder.
Neşirimize ýazylmak üçin:
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан


















