Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) şenbe günündäki söwdalaşyklarynda 225 million manatlyk ownuk däneli hlorly kaliý satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Şeýle hem ýerli telekeçiler içerki bazar üçin bahasy 68 million 250 müň manat bolan portlandsement satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda jemi 23 geleşik hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy 1994-nji ýylyň iýul aýynyň 29-yna Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen döredildi. Häzirki wagtda bu edara eksport-import amallaryny döwlet tarapyndan düzgünleşdirýän Türkmenistanyň möhüm ykdysady instituty bolup durýar.


















