Daşoguz şäheriniň günorta böleginde täze ýaşaýyş jaýlary gurulýar

BT
Daşoguz şäheriniň günorta böleginde täze ýaşaýyş jaýlary gurulýar
Daşoguz şäherinde ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasy, 2021-nji ýylyň 21-nji iýuly, Türkmenistan

Daşoguz şäherinden Görogly etrabyna barýan awtomobil ýolunyň ugrunda çäkleri abadanlaşdyrmak hem-de ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ýerde birnäçe dört gatly ýaşaýyş jaýlary gurulýar. olaryň üçüsi Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň “Gülistan” geňeşliginiň “Parahat” obasynyň awtomobil ýoluna ýanaşyk ýerinde gurulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Täze binalar öýleriň we girelgeleriň sany boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Häzirki wagta çenli jaýlaryň karkaslary doly galdyryldy, olaryň käbirinde bolsa bejergi işleri alnyp barylýar. Bu desgalaryň ählisi hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan bina edilýär.

Şäheriň beýleki künjeklerinde hem täze ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Geçen ýylda durmuşa geçirilip başlanan iri taslamalaryň hatarynda Daşoguzdan Köneürgenç şäherine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň täze dolandyryş binasynyň gurluşygyny we 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulmagyny görkezmek bolar.

Şeýle-de welaýat merkeziniň dürli künjeklerinde birnäçe hususy söwda we söwda-dynç alyş merkezleri, dükanlar hem-de dermanhanalar ulanmaga berildi

Bularyň we beýleki gurluşyklaryň ählisi Daşoguz şäheriniň boş duran ýerleriň özleşdirilmegi, şeýle hem eýýäm gurluşyk geçirilen çäkleriň rejeli ulanylmagy netijesinde toplumlaýyn ösýändigini aýtmaga esas berýär. Täze ýaşaýyş toplumlary döredilende, olaryň degişli düzümler, şol sanda durmuş-medeni maksatly desgalar bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022