Türkmenistan bilen Hytaý çöl öwrenişi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär

BT
Türkmenistan bilen Hytaý çöl öwrenişi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär
Takla-Makan çöli, Hytaý

Türkmen we hytaý alymlary “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde çöl çäklerini öwrenmek babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler. Türkmenistanyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Sinszýan ekologiýa we geografiýa institutynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, esasan, aşa agyr howa şertlerinde ulag infrastrukturasyny goramak boýunça Hytaýyň toplan tejribesine gönükdirilendir.

Hünärmenler dünýäde iň uly bolan, Takla-Makan çölünden geçýän awtomagistrala aýratyn üns berýärler. Onuň uzynlygy 560 kilometrden gowrakdyr. Ýoluň durnukly ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, meýdany üç müň gektardan gowrak bolan emeli tokaý zolaklary döredildi. Bu barada “Neytralnyý Türkmenistan” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berilýär. 

Takmynan 20 million gurakçylyga çydamly ösümliklerden döredilen ekoulgamy gara ýoly hereket edýän çägelerden goraýar we ol minerallaşan suwdan peýdalanýan elektrikleşdirilen guýular ulgamy arkaly goldanylýar. 

Bu taslama halkara derejesinde ýokary baha berilýär we bu biodürlüligiň dikeldilmegine has-da ýardam edýär. Tokaý meýdanlarynda guşlar we süýdemdirijiler ýaşaýar. Şeýle hem sazagyň köklerinde sistanhe ösümligini ösdürip ýetişdirmek tehnologiýasy aýratyn üns berilýär.

Takla-Makan bilen Garagum çölleriniň tebigy şertleriniň meňzeşligi tejribe alyşmakda möhüm amaly ähmiýeti bardyr. Çöl öwrenişi babatda köpýyllyk ylmy tejribä eýe bolan türkmen alymlary bu durnukly hyzmatdaşlyk arkaly ekoulgamlary ösdürmäge hem-de Aşgabat şäherinde BMG-niň howa tehnologiýalary boýunça Sebitleýin merkezini döretmek başlangyjyny durmuşa geçirmäge uly goşant goşdular.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022