“Demirgazyk–Günorta” hem-de “Gündogar–Günbatar” halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi Eýran üçin strategik ähmiýete eýedir. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Tähran şäherinde demir ýol infrastrukturasyna bagyşlanan duşuşykda belläp geçdi, diýip "Trend" agentligi ýekşenbe güni habar berdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeg geçelgeleriň gurluşygy, demir ýollary döwrebaplaşdyrmak hem-de dowam edýän taslamalary tamamlamak maksady bilen içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işleri alyp barýar. Hökümet infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak üçin resminamalaryň tabşyrlyş tertibini ýönekeýleşdirmäge hem-de bar bolan çäklendirmeleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir.
“Demirgazyk–Günorta” halkara ulag geçelgesi 2000-nji ýylda Russiýa, Eýran we Hindistan tarapyndan gol çekilen ylalaşyga laýyklykda döredildi. Bu geçelge üç ugurdan ybaratdyr: gündogar ugry — Türkmenistan we Merkezi Aziýa ýurtlary arkaly, orta ugry — Hazar deňzi arkaly Russiýa tarap, hem-de günbatar ugry — Kawkaz we Gündogar Ýewropa ýurtlarydyr.
2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Russiýa Federasiýasy bilen Eýran Yslam Respublikasy Gilan welaýatynyň demirgazygynda ýerleşýän Reşt–Astara demir ýolunyň gurluşygy boýunça ylalaşyga gol çekdiler. Uzynlygy takmynan 163 kilometr bolan bu demir ýol ugrunda dokuz stansiýanyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi “Demirgazyk–Günorta” halkara ulag geçelgesini has-da pugtalandyrar hem-de Eýranyň demir ýol ulgamyny Kawkaz, Russiýa we Demirgazyk Ýewropa bilen baglanyşdyrar. Taslama boýunça Russiýanyň maýa goýumlary €1,6 milliard möçberinde bahalandyrylýar, gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilmeginiň möhleti bolsa 48 aý diýlip kesgitlenýär.


















