Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe günündäki söwdalaşyklarynda 115 million manatlyk nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Şeýle hem ýerli telekeçiler içerki bazar üçin bahasy 16 million 920 müň manat bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 120 müň ABŞ dollaryna SN-180 başlangyç ýagyny, Serbiýanyň işewürleri 337,5 müň ABŞ dollaryna arassalanmadyk guradylan buýan köki we buýan köküniň ekstraktyny, Gyrgyzystanyň işewürleri bolsa 3 million 170 müň ABŞ dollaryna nah ýüplügi satyn aldylar.
Geçen hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda jemi 12 geleşik hasaba alyndy.


















