Türkmenistanyň wekiliýeti “BELAGRO–2026” sergisine gatnaşar

BT
Türkmenistanyň wekiliýeti “BELAGRO–2026” sergisine gatnaşar
Taňryguly Atahallyýewyň Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 8-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 2–6-njy iýun aralygynda Minskde geçiriljek “BELAGRO–2026” sergisine gatnaşar. Bu çärä gatnaşmak meseleleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýew bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoýyň arasynda penşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.   

Taraplar weterinariýa, tohumçylyk we maldarçylyk ugurlarynda ýöriteleşdirilen oba hojalyk ylmy edaralarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Bu barada Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

“Belagro” sergisi agrosenagat ulgamyndaky iň iri sergileriň biri bolup, onda häzirki zaman tehnologiýalary, täze oba hojalyk tehnikalary, ekerançylyk, maldarçylyk, balykçylyk, gaýtadan işleýiş we azyk senagaty boýunça öňdebaryjy çözgütler görkezilýär.

Sergä dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen öňdebaryjy hünärmenler, kompaniýalar we myhmanlar gatnaşyp, oba hojalygyny ösdürmegiň häzirki zaman ugurlary, önümleri gaýtadan işlemek, gaplamak we saklamak boýunça innowasion tehnologiýalar, şeýle hem oba hojalyk tehnikalarynyň giň we döwrebap görnüşleri bilen tanyşýarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022