Türkmenistan 2026-njy ýylyň 25–27-nji maýynda Hytaýyň Sinszýan sebitinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara oba hojalyk tehnologiýalary sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Forum häzirki zaman çözgütleri görkezmek üçin esasy halkara platformalaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.
2026-njy ýylda geçiriljek bu sergi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalyk ulgamynyň amaly talaplaryna gönükdirilendir, diýip china.com portaly habar berýär.
Türkmenistanyň şertlerinde esasy gyzyklanma döredýän ugurlar hökmünde sebit howa şertlerinde işlemäge niýetlenen akylly pagta ýygnap alýan kombaýnlara hem-de güýçli traktorlara aýratyn üns berilýär diýip, habarda bellenilýär.
Sergide ekinleriň goragyny we aeromonitöringi amala aşyrýan agrodronlar, suw tygşytlamaga gönükdirilen Smart-suwaryş ulgamlary, şeýle hem awtomatlaşdyrylan ekin ekiji ulgamlardan başlap ekinleriň ösmegini dolandyrmak üçin niýetlenen oba hojalyk robotlary görkeziler.
Häzirki wagtda forumyň iş programmasyny giňeltmek meýilleşdirilýär. Çärede B2B platformasy gurnalar, ol ýerde gatnaşyjylar tehnikanyň üpjünçiligi, hyzmat we maliýe hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly öndürjiler bilen göni gepleşikleri geçirip bilerler.


















