“TM CELL” we “Türkmentelekom” internete elýeterliligi giňeldýär

BT
“TM CELL” we “Türkmentelekom” internete elýeterliligi giňeldýär
“Türkmentel-2022” XV halkara sergisi, 2022-nji ýylyň 10-11-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanda hünär we gündelik ulanyş üçin niýetlenen aragatnaşyk hem-de internete elýeterlilik hyzmatlaryny ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär. Sanly hünärleriň hem-de uzak aralykdan işlemek görnüşleriniň ösýän şertlerinde durnukly internet aragatnaşygy bilim almak, aragatnaşyk saklamak we telekeçilik işlerini alyp barmak üçin möhüm bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Milli operator “TM CELL” (“Altyn Asyr” ÝGPJ) ulanyjylara internet-bukjalarynyň giň toplumyny hödürleýär. Işjeň ulanyjylar üçin multimedia mazmuny bilen işlemäge, wideo-maslahatlara gatnaşmaga hem-de onlaýn hyzmatlardan peýdalanmaga giň mümkinçilik berýän 20 GB möçberindäki internet-bukjasy elýeterlidir. Bu internet-bukjasyny birikdirmek *0850*200# USSD-buýruk arkaly amala aşyrylýar.  

“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy öýden we edara-kärhanasyndan daşarda çäksiz internet hyzmatyny üpjün edýän “TELECOMWIFI” simsiz aragatnaşyk ulgamyny ösdürýär. Giriş nokatlary Aşgabat şäherindäki söwda merkezlerinde, şäher bazarlarynda, Aşgabat halkara howa menzilinde, şeýle hem ýurduň şypahanalarynda hereket edýär.

“TELECOMWIFI” hyzmatyna bir sagatlyk, bir gije-gündizlik we bir aýlyk möhlet bilen çäksiz birigip bolýar, şeýle hem şypahanalarda 10 günlük ýörite amatly nyrhnamalar hem göz öňünde tutulýar. Hyzmatlaryň nyrhy we ähli nokatlaryň ýerleşýän ýerleri barada jikme-jik maglumatlary, şeýle-de goldaw gullugynyň maslahatlary 071 belgili telefon arkaly elýeterlidir.

Sanly infrastrukturany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler internete elýeterliligi ýokarlandyrmaga hem-de ulanyjylar üçin birikmegiň amatly görnüşlerini saýlamak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

2022