2025: Türkmenistan we Gazagystan BTJ-den 3,7 mln tonna nebit geçirdi

BT
2025: Türkmenistan we Gazagystan BTJ-den 3,7 mln tonna nebit geçirdi
Baku–Tbilisi–Jeýhan turba geçirijisi (Surat: report.az)

2025-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynda Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi arkaly Türkmenistan bilen Gazagystan möçberi 3 million 707,6 müň tonna bolan nebiti geçirdi.

Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, "Report.az" neşiriniň habar bermegine görä, bu görkeziji degişli nebit geçirijisi boýunça umumy daşalan möçberiň 14,9 göterimini düzýär.

Umuman 2025-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynda Azerbaýjanyň magistral nebit geçirijileri arkaly 33 million 408,9 müň tonna nebit daşaldy.

Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi 1768 kilometr aralyga uzaýar. Ol Hazar deňzinden çykarylýan çig nebiti Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan başlap, Gruziýanyň üsti bilen Türkiýäniň Ortaýer deňzindäki Jeýhan portuna ýetirýär.

2022