Aşgabat şäherinde çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky ulag ulgamy boýunça gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem diplomatlar syýasy-diplomatik gepleşikleri we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň dowamynda iň ýokary we ýokary derejeli duşuşyklary we saparlary gurnamagyň mümkinçilikleri gözden geçirildi.
Taraplar hünär bilimi ugrundaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hem aýratyn üns berdiler.
Eduards Stipraýs 20–23-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda geçirilýän Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri boýunça Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi.


















