Türkmenistan bilen Owganystanyň bilelikdäki demir ýol taslamalary amaly tapgyra geçýär

BT
Türkmenistan bilen Owganystanyň bilelikdäki demir ýol taslamalary amaly tapgyra geçýär
Raşid Meredow bilen Amir Han Muttakiniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk, 2026-njy ýylyň 28-nji ýanwary (Surat: Owganystanyň Daşary işler ministrligi)

Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän demir ýol taslamalary amaly ýerine ýetiriliş tapgyryna ýakynlaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottaki bilen geçiren wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynda bellenildi. Duşuşykda taraplar 2025-nji ýylda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň çarşenbe güni habar bermegine görä, owgan tarapy Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp geçdi. Şeýle hem elektrik energiýasyny geçirmek ulgamyndaky taslamalaryň (TOP) ýokary derejede taýýarlanylýandygyny aýtdy.

Raşid Meredow türkmen-owgan gatnaşyklarynyň köpýyllyk we dostlukly häsiýetini aýratyn belläp, bilelikdäki ykdysady taslamalaryň ýerine ýetirilmeginde utgaşdyrylan işleriň möhümdigini, şeýle-de resmi saparlaryň we öňde boljak ikitaraplaýyn çäreleriň taýýarlanylmalydygyny belläp geçdi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar sebitara dialogy pugtalandyrmagyň, şol sanda Owganystan – Merkezi Aziýa geçelgesiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny tassykladylar.

2022