Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Belarus Respublikasyna işewür saparlaryny guramakçy

BT
Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Belarus Respublikasyna işewür saparlaryny guramakçy
Mergen Gurdowyň Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 29-njy ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Belarusuň DIM-i)

Türkmenistan ulag, maglumat tehnologiýalary we ýeňil senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen Belarus Respublikasyna ýöriteleşdirilen işewür saparlaryny guramaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow penşenbe güni Aşgabat şäherinde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen geçirilen duşuşykda belledi. Bu barada Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, 2026-njy ýylyň 12-14-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisine belarus işewürlerini giňden çekmek meselelerine aýratyn üns berildi diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Şeýle hem taraplar, 2026-njy ýylyň 2-6-njy iýunynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Belagro-2026” atly halkara oba hojalyk senagaty sergisine türkmen işewürleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek, şol sanda Türkmenistanyň pawilýony bilen çykyş etmek mümkinçilikleri barada pikir alşyldylar.

Taraplar halkara sergileriň işewür gatnaşyklary pugtalandyrmakda, täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda we özara söwda dolanyşygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Ozal Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän maslahat we sergi çäreleriniň giňeldilen tertibini hödürledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022