Lebap welaýatynda täze Atabaý-1 gaz guýusy işe girizildi

BT
Lebap welaýatynda täze Atabaý-1 gaz guýusy işe girizildi
Gazçylaryň senagat ähmiýetli täze gaz akymyny işe girizýän pursady

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Lebapnebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň işgärleri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde ýerleşýän Atabaý meýdançasynda taslama çuňlugy 1 müň 200 metr bolan Atabaý-1 baha beriş guýusyny üstünlikli burawlap, ýokary netijeleri aldylar. Bu barada “Nebit-Gaz” gazetiniň sişenbe güni çap edilen sanynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ekspedisiýanyň hünärmenleriniň geçiren gözleg-agtaryş işleri netijesinde 1 müň 136 — 1 müň 134 metr çuňluk aralygynda bir gije-gündiziň dowamynda 284 müň kub metr tebigy gaz bermäge ukyply, senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymynyň alynmagy aýratyn bellärliklidir.

Häzirki wagtda Atabaý meýdançasynyň 1-nji baha beriş guýusyndan alnan tebigy taýdan arassa, kükürtsiz “mawy ýangyjy” sarp edijilere ýetirmek maksady bilen, guýyny önümçilige girizmek üçin degişli önümçilik müdirligine tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Ýakynda “Lebapgazçykaryş” müdirliginiň garamagyndaky Böwrideşik gaz käniniň golaýynda ýerleşýän Hazarly meýdançasynda täze guýudan tebigy gaz akymy alyndy.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022