ÝB bilen Merkezi Aziýa möhüm çig mal hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

BT
ÝB bilen Merkezi Aziýa möhüm çig mal hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Belgiýadaky ilçileriniň Audrone Perkauskiene bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwary, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Belgiýa Patyşalygyndaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri duşenbe güni Brýusselde Ýewropa Daşary gatnaşyklar gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskiene bilen duşuşyp, ulag arabaglanyşygy, energetika hem-de möhüm çig mal serişdeleri ýaly esasy hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy habar berýär.

Duşuşykda esasy üns sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn we sebitara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirildi. Gatnaşyjylar ministrler derejesindäki hyzmatdaşlygyň indiki tapgyrlarynyň mümkinçiliklerini, şeýle hem ÝB – Merkezi Aziýa sammitleri formatynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň amaly taýdan ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berildi.

Ýewropa tarapy Merkezi Aziýanyň ÝB üçin strategik ähmiýetini belläp, sebit boýunça durnuklylygy saklamaga taýýardygyny beýan etdi.

Mundan öň Ýewropa Bileleşigi “Global Gateway” maksatnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleri üçin 12 milliard ýewro möçberinde maýa goýum bukjasyny taýýarlapdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС