Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Dubaý şäherinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we ösen tehnologiýalar ministri, Abu Dabi milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşyp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini kesgitlediler.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Duşuşygyň jemleri boýunça ileri tutulýan ugurlar boýunça dowamly hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen, iki ýurduň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik hem-de söwda-ykdysady ulgamlarda türkmen-emirat gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.


















