Türkmen önümleriniň sergisiniň BAE-de geçirilmegi maslahatlaşyldy

BT
Türkmen önümleriniň sergisiniň BAE-de geçirilmegi maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Baýram Baýramow bilen BAE-niň DIM-niň Ykdysady we söwda meseleleri boýunça departamentiniň direktory Raşed Al Teneijiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 2-nji fewraly, BAE

Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Baýram Baýramow bilen BAE-niň DIM-niň Ykdysady we söwda meseleleri boýunça departamentiniň direktory Raşed Al Teneijiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda BAE-de Türkmenistanyň önümleriniň sergisiniň hem-de tanyşdyrylyşynyň geçirilmegi boýunça mümkinçilikler maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň BAE-däki Ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň giňeldilmegine, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ösdürilmegine we “işewürlik - işewürlik” görnüşindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Birleşen Arap Emirliklerinde yzygiderli geçirilýän halkara ykdysady, maliýe, söwda-telekeçilik we maýa goýum çärelerine türkmen tarapynyň gatnaşmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şu babatda türkmen telekeçileriniň halkara ýarmarkalara we sergilere gatnaşmagy, şeýle hem BAE-niň işewür wekilleriniň Türkmenistanda guralýan degişli çärelere gatnaşmagy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar yzygiderli gatnaşyklary saklamaga taýýardyklaryny beýan etdiler hem-de özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça özara bähbitli dialogy dowam etdirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

2022
ENG TM РУС