“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan benzin öndürmegiň meýilnamasy şu ýylyň ilkinji aýynda 126,5 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,5 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem wise-premýer dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 104,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň 122,1 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasynyň bolsa 108,3 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany wise-premýere tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.


















