Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi
Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ömer Bolat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belläp, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň geçen ýylyň dekabrynda Aşgabada ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen wekilçilikli foruma gatnaşmagynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam berendigini aýtdy.

Şeýle hem myhman Türkmenistanyň ykdysadyýetde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, her gezek ýurda sapar bilen gelende Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli syýasatyň dürli ugurlardaky oňyn netijeleriniň şaýady bolýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkiýäniň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini, onuň hemişe özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermäge esaslanýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilýän Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga ýardam berjekdigine, türk kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, maýa goýumlary işjeň çekmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Myhman Türkiýede Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini ýokary derejede geçirmäge beren goldawlary üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

2022
ENG TM РУС