Türkmenistan bilen Owganystan durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalary maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Owganystan durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalary maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsuly Bazarbaý Kabaýew bilen Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi Mohammad Ýusuf Wafanyň arasyndaky duşuşyk, 2026-njy ýylyň 9-njy fewraly

Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly Bazarbaý Kabaýew 2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi Mohammad Ýusuf Wafa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar dostlukly gatnaşyklaryň netijesinde durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler minstrliginiň habar bermegine görä, taraplar söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Şeýle hem taraplar 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly şygaryna bagyşlanan hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çäreler barada durup geçdiler.

Ýakynda Owganystanyň Badgis welaýatynyň Sang-Ataş etrabyndaky 21 obany Türkmenistanyň energiýa ulgamyna birikdirmek boýunça taslama işe girizildi.

2022