Owganystanyň Badgis welaýatynyň Sang-Ataş etrabyndaky 21 obany Türkmenistanyň energiýa ulgamyna birikdirmek boýunça taslama işe girizildi.
“Bakhtar News” neşiriniň ýekşenbe güni habar bermegine görä, taslama “Breshna Sherkat” kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýär.
Taslamanyň bahasy 2 million ABŞ dollaryna barabar bolup, taslamanyň amala aşyrylmagy bilen takmynan 7 müň maşgala elektrik energiýasy bilen üpjin ediler. Habarda bellenilişi ýaly, işleriň bäş aýyň dowamynda tamamlanmagy meýilleşdirilýär.
Ozal Owganystanyň energetika kompaniýasynyň baş direktory Abdul Bari Omar Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasynyň taslamasynyň ýol kartasynyň taýýarlanýandygyny we onuň ýakyn wagtda türkmen tarapyna iberiljekdigini habar beripdi.


















