Türk kompaniýalary Türkmenistanda umumy bahasy 56 milliard ABŞ dollaryna deň bolan 1 müň 98 taslamany durmuşa geçirdi. Bu barada Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat Türkmenistanda iş alyp barýan türk işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça öz sosial ulgamynda habar berdi.
Duşuşyk sişenbe güni Aşgabat şäherinde Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirogyň ýardam bermeginde geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň durnukly ösüş depginini we türk kompaniýalary tarapyndan täze şertnamalaryň baglaşylýandygyny bellediler.
Türk kompaniýalary türkmen bazarynda iş alyp baran döwründe iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdy. Olaryň hatarynda elektrik stansiýalary we elektrik geçiriji ulgamlary, awtomagistrallar, ýaşaýyş toplumlary we söwda merkezleri, uniwersitetler we mekdepler, jemgyýetçilik binalary, myhmanhanalar, senagat desgalary, muzeýler, seýilgähler hem-de lukmançylyk edaralary bardyr.
Ömer Bolat Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi.


















