“Tehnologiýalar binasy” hususy kärhanasy Türkmenbaşyda täze Türgenleşik okuw merkezini açdy

BT
“Tehnologiýalar binasy” hususy kärhanasy Türkmenbaşyda täze Türgenleşik okuw merkezini açdy
Türkmenbaşy şäherinde Türgenleşik okuw merkeziniň açylyş dabarasy, 2026-njy ýylyň 11-nji fewraly, Türkmenistan

“Tehnologiýalar binasy” hususy kärhanasy çarşenbe güni Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Türgenleşik okuw merkezini açyp ulanmaga berdi.

Türkmenbaşy şäheriniň G. Saparow köçesiniň 36-nji jaýynda ýerleşýän bu okuw merkezi nebit we gaz, gaz himiýa gurluşygy, energetika we himiýa senagatlary üçin Bilim ministrligi şeýle hem halkara OPITO, IPSQA we ISO tarapyndan tassyklanan howpsuzlyk we tehniki Türgenleşik okuw merkezi bolup durýar.

Türgenleşik okuw merkezi halkara gurmalar tarapyndan tassyklanylan aşakda görkezilen ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar:

  • H2S (wodorod sulfidi) zäherli gazynyň ýaýramagynda hereket etmegiň okuw-türgenleşigi;
  • Nebit-gazy gaýtadan işlemekde we onuň önümçiliginde, gurluşyk işlerinde ýapyk ýerlere girilişiniň howpsuz usullary boýunça okuw-türgenleşik okuwy;
  • Ilkinji lukmançylyk kömegini bermek we ýürek uruşyny kadalaşdyrmak boýunça okuw-türgenleşigi;
  • Nebit-gazy gaýtadan işlemek, onuň önümçiliginde, gurluşyk işlerinde belentlikde işlemek, şeýle hem halas ediş boýunça okuw-türgenleşik okuwy;
  • Nebit-gazy gaýtadan işlemäge, önümçilige, gurluşyk işlerine zyýan bermezden gözden geçiriş boýunça 2-nji derejeli okuw.

“Howpsuz işle we  tehniki taýdan kämilleş” atly şygar merkeziň esasy ýörelgesi bolup, ol bilimde kämilligi, amaly taýýarlygy we halkara ülňülere laýyk gelýän howpsuzlyk medeniýetini ösdürmek arkaly pudagyň durnukly ösüşine goşant goşmak maksady bilen döredildi.

Okuw merkeziniň esasy maksady hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan we nebit-gaz pudagynyň geljekki ösüşini goldamakdan ybaratdyr.

Türgenleşik okuw merkezi bilen habarlaşmak üçin:

Telefon belgiler:

+99371182111

+99324362828

Elektron salgysy:

info@technologyhouse.net

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022