Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow çarşenbe güni Berlinde Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň germaniýaly işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçiren bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy. Ahmet Gurbanow öz çykyşynda Türkmenistanyň germaniýaly işewürler bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.
Ilkinji nobatda ulag we logistika, demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ösdürmek, şeýle hem “Gündogar – Günbatar” üstaşyr geçelgelerini we Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Orta geçelgäni kemala getirmäge germaniýaly kompaniýalaryň gatnaşmagy ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda energetika, şol sanda wodorod taslamalary we “ýaşyl” özgeriş, himiýa senagaty, dokma senagaty, oba hojalygy, suw hojalyk pudagy, maglumat tehnologiýalary hem-de emeli aň görkezildi.
Mundan başga-da, maliýe-bank ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, şeýle hem saglygy goraýyş pudagyndaky üstünlikli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy germaniýaly kompaniýalar bilen ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem “Merkezi Aziýa – Germaniýa” formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny beýan etdi.
Geçen ýylyň oktýabr aýynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirildi.


















