Germaniýanyň Bundestagynyň komitetiniň başlygy Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyryldy

BT
Germaniýanyň Bundestagynyň komitetiniň başlygy Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyryldy
Germaniýanyň Bundestagynyň Daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Armin Laşet

Türkmenistan Germaniýanyň Bundestagynyň Daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Armin Laşeti hem-de germaniýaly wekiliýetiň agzalaryny özlerine amatly wagtda ýurda sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow çarşenbe güni Berlinde Germaniýanyň Bundestagynyň Daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Armin Laşet bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen bilelikdäki duşuşygyň dowamynda aýtdy.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň depginli ösüşine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň Mejlisiniň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bundestagynyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, şeýle hem degişli parlament dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň yzygiderli duşuşyklaryny guramak mümkinçiligini öwrenmek başlangyjy öňe sürüldi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Bundestag — Germaniýanyň parlamentiniň aşaky palatasy we ýurduň esasy kanun çykaryjy edarasy bolup, kanunlary kabul edýär, federal hökümetiň işine gözegçilik edýär, döwlet býujetini tassyklaýar hem-de kansleri saýlaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС