“EKSPO — 2030” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy maslahatlaşyldy

“EKSPO — 2030” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy maslahatlaşyldy
Muhammetgeldi Aýazowyň “EXPO 2030 Riyadh” kompaniýasynyň Gyzyklanýan ýurtlar boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Mohammed bin Garady bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 10-njy fewraly

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow “EXPO 2030 Riyadh” kompaniýasynyň Gyzyklanýan ýurtlar boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Mohammed bin Garady bilen geçiren duşuşygynda “EKSPO — 2030” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, “EKSPO — 2030” Bütindünýä sergisi 2030-njy ýylyň oktýabryndan 2031-nji ýylyň marty aralygynda Er-Riýadda geçiriler.

Taraplar Türkmenistanyň bu iri gözden geçirilişe gatnaşmagynyň ýurduň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, onuň dürli ugurlarda gazananlaryny dünýäde wagyz etmäge, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistan Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde 2027‑nji ýylyň 19‑nji martynda geçiriljek “GREENxEXPO 2027” halkara sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС