Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow “EXPO 2030 Riyadh” kompaniýasynyň Gyzyklanýan ýurtlar boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Mohammed bin Garady bilen geçiren duşuşygynda “EKSPO — 2030” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, “EKSPO — 2030” Bütindünýä sergisi 2030-njy ýylyň oktýabryndan 2031-nji ýylyň marty aralygynda Er-Riýadda geçiriler.
Taraplar Türkmenistanyň bu iri gözden geçirilişe gatnaşmagynyň ýurduň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, onuň dürli ugurlarda gazananlaryny dünýäde wagyz etmäge, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Mundan başga-da, Türkmenistan Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde 2027‑nji ýylyň 19‑nji martyndan 26‑njy sentýabry aralygynda geçiriljek “GREENxEXPO 2027” halkara sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady.


















