Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň birnäçe welaýatlarynyň şäher we etrap häkimlerini wezipeden boşatdy we wezipä belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Çarygeldi Çarlyýewi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Nurberdi Myratgeldiýewiç Kakabaýew Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi we ol “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Şeyle hem Ýazmyradow Guwançmyrat Orazmyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Kerwen Allaberdiýewiç Çaryýew bolsa Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Didar Annamämmedowiç Meredowy, başga işe geçmegi sebäpli, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Meýlis Mergenowiç Mergenow bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Abdyrahman Seýitniýazowiç Babaniýazow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Şeýle-de Aşyrmyrat Musakowiç Öwezow Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Akmämmet Gurbanmämmedowiç Garajaýew bolsa Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Amangeldi Isaýewi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimi wezipesinden boşatdy.
Baýmyrat Aşyrdurdyýewiç Handurdyýew Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Merdan Saparbaýewiç Oraýew bellenildi.
Munndan başga-da Guwanç Hemrakulyýewiç Bazarow Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. Erkin Ýaňybaýewiç Açylow Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkimi wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Serdar Berdimuhamedow Azat Jumamuradowiç Amandurdyýewi Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy we bu wezipä Begenç Saparmamedowiç Mamedbaýewi belläp, ony Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Mejlisiň dowamynda Ylýas Baýramowiç Öwezow Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Rüstam Allaberdiýewiç Allaberdiýew bolsa Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugy boýunça Kakageldi Atajanowiç Saryýew Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Artyk Çaryýewiç Bäşimow bellenilip, ol Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Muhammetdurdy Rahmatullaýewiç Mämiýew Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Şeýle hem bu wezipä Şagylyç Şagulyýewiç Berdiýew bellenilip, ol Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Bulardan başga-da Maksat Kakabaýewiç Amanmyradowy Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Maksatmyrat Agamyradowiç Saparmyradow bolsa Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ol Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda ýurtda alnyp barylan işleriň jemleri jemlenildi we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlendi. Şeýle hem mejlisde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


















