Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

BT
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine täze ýolbaşçy bellendi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi, 2026-njy ýylyň 14-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine täze ýolbaşçy belledi.

“Watan” habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, general-maýor Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permany bilen, bu wezipä general-maýor Döwletgeldi Gurbangeldiýewiç Meredow bellenildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri boýunça hasabatlar diňlenildi.

2022