Fransiýa Türkmenistanyň üsti arkaly Özbegistana uly ýük ugratdy

BT
Fransiýa Türkmenistanyň üsti arkaly  Özbegistana uly ýük ugratdy
“Rhenus Logistic” kompaniýasynyň konteýner ýükleri daşalýar (Surat: "Rhenus Logistika")

Kanat ýolunyň gurluşygy üçin niýetlenen, agramy 80 tonna bolan ýöriteleşdirilen kabel ýüki Fransiýadan Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilip Özbegistana bardy.

Kompaniýanyň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça taslama ýolbaşçysy Aleksandra Ognewa öz sosial sahypasynda habar bermegine görä, ýük Set (Fransiýa) portundan ugradylyp, Orta geçelge arkaly Istanbul şäherinden, soňra Alýat (Azerbaýjan) we Türkmenbaşy şäherleriniň üstaşyr geçirildi. Şeýle hem ýöriteleşdirilen kabel ýüki Türkmenistanyň sähralyk sebitlerinden geçip, ahyrynda Daşkent şäherine bardy.

Şeýle taslamalar Orta geçelgäniň tutuş sebit üçin ygtybarly logistika goldawyna öwrülýändigini aýdyň görkezýär diýip, Ognewa belledi.

Halkara Transhazar ulag geçelsesi (Orta geçelge) Hytaý, Gazagystan, Hazar deňziniň suwlary, Azerbaýjan we Gruziýa arkaly geçip, Ýewropa bilen Aziýanyň ýurtlaryny baglanyşdyrýar. Bu ugur demir ýol we deňiz ulaglary arkaly konteýner ýük daşamalary üçin ulanylýar.

 

2022