Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Kerki şäherlerinde 2025-nji ýylyň dowamynda 150-ä golaý maşgala köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna göçüp bardy. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Türkmen Gündogary” gazetinde habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Prezident maksatnamasyna laýyklykda welaýatda geçen ýyl 95 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisindäki çykyşynda 2026-njy ýylda ýurt boýunça 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny gurup, ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň möhümdigini nygtady.
Mejlisde Türkmenistanyň döwlet Baştutany Lebap welaýatynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen möhüm taslamalaryň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň ulanmaga beriljekdigini aýtdy. Şeýle hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň dabaraly açyljakdygy bellenildi.


















