Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hatynda Tokio şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitiniň çäklerindäki duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, ýola goýlan ynanyşmak dialogynyň esasynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiliklerini bilelikde ulanmaga taýýardygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Sanae Takaitä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň dostlukly halkynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ýaponiýanyň “Kyodo News” neşiriniň habar bermegine görä, Liberal-demokratik partiýanyň lideri Sanae Takaiti çarşenbe güni Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy. Ýaponiýanyň parlamentiniň aşaky palatasynda geçirilen saýlawlarda Sanae Takaitä 354 sany deputat ses berdi.


















