Türkmenistan we FAO 2030-njy ýyla çenli hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we FAO 2030-njy ýyla çenli hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny maslahatlaşdylar
Toýly Kömekowyň Sýuý Dunýuý bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 18-nji fewraly, Rim, Italiýa (Surat: Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ýanyndaky Hemişelik wekili Toýly Kömekow çarşenbe güni Rim şäherinde guramanyň Baş direktory Sýuý Dunýuý bilen duşuşdy. Taraplar 2026–2030-njy ýyllar üçin Ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamanyň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, resminama howanyň üýtgemegine uýgunlaşma, suw serişdelerini dolandyrmak hem-de innowasiýalar ýaly ugurlara gönükdiriler.

Türkmen diplomaty ýurduň durnukly oba hojalygyny ösdürmek we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri kämilleşdirmek maksady bilen dünýä tejribelerini peýdalanmaga gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

FAO-nyň Baş direktory Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara işlerinde işjeň orun eýeleýändigine ýokary baha berdi. Şeýle hem ol guramanyň ýolbaşçylygynyň FAO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň islendik başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny nygtady.

Ozal 2026-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda ýurtda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hem-de tehniki kömek bermek boýunça ylalaşyk baglaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022