Gurbanguly Berdimuhamedow “Panther” golf klubuna, “La Victoria” atçylyk toplumyna bardy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow “Panther” golf klubuna, “La Victoria” atçylyk toplumyna bardy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Panther” milli golf klubunda, Florida, ABŞ

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň dowamynda “Panther” milli golf klubuna, şeýle hem “La Victoria” atçylyk toplumyna baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylanyldy hem-de golf klubunyň wekilleri meýdançalaryň gurluş aýratynlyklary, onuň özboluşly şertleri barada gürrüň berdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri meýdançalaryň abadanlaşdyrylyşy, hil derejesi bilen tanşyp, Aşgabatda hereket edýän golf meýdançasynyň ýaşlaryň söýgüli künjegine öwrülendigini aýtdy. Ýurtda golf meýdançalarynyň sanyny artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda oňyn tejribe toplan amerikan hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri “La Victoria” atçylyk toplumynyň bedewleri, olaryň saklanyş şertleri bilen tanşyp, bu ýerde atlary bäsleşiklere taýýarlamaga niýetlenen mümkinçilikler, seýisleriň iş tertibi bilen gyzyklandy.

Bu ýerde iki ýurduň arasynda atçylyk sporty boýunça ýygjam gatnaşyklary ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy atçylyk toplumynyň wekilleriniň özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipleriniň öwreniljekdigini aýtdy.

Mundan başga-da Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a amala aşyran saparynyň çäginde “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС