Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Gruziýa saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Prezidenti Mihalil Kawelaşwili bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, mejlisiň ýolbaşçysy Gruziýanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Habarda bellenilişi ýaly, halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň we beýleki düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklara aýratyn üns berildi, şeýle hem netijeli halkara başlangyçlaryň yzygiderli özara goldanylýandygy bellenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar parlamentara hyzmatdaşlygyň we resmi saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde hem-de döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmekde esasy orny eýeleýändigini aýratyn nygtadylar.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşdy.
Duşuşykda ikitaraplaýyn syýasy gepleşikleri berkitmekde we döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň wajyplygy nygtaldy.






31268-495x4352.jpg)











