Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda “Lancaster House” hökümet toplumynda Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we Ösüş işleri boýunça döwlet sekretary Iwette Kuper bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda “ýaşyl” tehnologiýalar, sanlylaşdyrma we ulag ulgamy, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen-britan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma tassyklanyldy hem-de ýokary derejedäki saparlary guramagyň geljek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Şol gün Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň adyndan guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň iş günortanlygy geçirildi.
Söhbetdeşlikde sebit hyzmatdaşlygy, howpsuzlyk, durnukly ösüş we sebitara hem-de özara gatnaşyk meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Raşid Meredow duşuşygyň dowamynda çykyş edip, amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk teklipleri, şol sanda bilelikdäki bilim maksatnamalaryny işe girizmek hem-de “Türkmenistan – Beýik Britaniýa Medeni dialogy” atly täze formaty döretmek baradaky başlangyçlary beýan etdi. Şeýle hem duşuşykda Owganystanyň parahatçylykly ösüşine infrastruktura taslamalaryny, şol sanda TOPH gaz geçirijisini, elektrik geçiriji ulgamlary we owgan ugry boýunça demir ýollarynyň gurluşygyny durmuşa geçirmek arkaly goldaw bermegiň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşykda Serhetara söwdanyň aç-açanlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen britan hukuk we konsalting kompaniýalaryny çekmek arkaly tehniki hem-de maslahat beriş hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, şeýle hem sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň maksadalaýykdygy bellenildi.


















