“Tohkemy Corporation” Türkmenistanda suwy süýjetmek taslamalaryny öwrenýär

BT
“Tohkemy Corporation” Türkmenistanda suwy süýjetmek taslamalaryny öwrenýär
Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäherindäki suw arassalaýjy desga

Ýaponiýanyň “Tohkemy Corporation” kompaniýasy Türkmenistanda suwy süýjetmek boýunça orta we kiçi göwrümli taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Kompaniýa oba ýerlerinde suw arassalaýyş we ekologik infrastrukturasynyň ösüşine aýratyn üns berýär. Bu barada kompaniýanyň satuwy ilerletmek boýunça menejeri Misunori Ýamadzumi “Trend” agentligine beren interwýusynda aýtdy.

Misunori Ýamadzuminiň aýtmagyna görä, suwy arassalamak, şol sanda suwy süýjetmek, kompaniýanyň Türkmenistandaky işiniň esasy ugrudyr. Iri göwrümli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bolsa Ýaponiýanyň öňdebaryjy korporasiýalary bilen hyzmatdaşlykda göz öňünde tutulýar.

“Tohkemy Corporation” kompaniýasy 2025-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen suw arassalaýyş pudagyny ösdürmek boýunça maglumat alyşmagy we anyk teklipleri taýýarlamagy göz öňünde tutýan özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

Kompaniýa geljekki hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda taslamalary durmuşa geçirmegi we bu taslamalary enjamlar bilen üpjün etmekligi meýilleşdirýär.

Osakada ýerleşýän “Tohkemy Corporation” kompaniýasy 1965-nji ýylda esaslandyrylyp, ol agyz suwy, senagat hem-de şäher suw üpjünçiligi üçin toplumlaýyn çözgütleri işläp düzýär.

2022