Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär

BT
Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin duşenbe güni ýaýradan resmi metbugat beýanatynda habar berilýär.

Beýanatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň DIM-i bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär.

Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde ähli çylşyrymly halkara meseleleriň syýasy-diplomatik serişdeleriň we usullaryň ulanylmagy arkaly BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara hukugynyň esasynda çözülmelidigini gaýtadan nygtaýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty, halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama bilen ykrar edilen bu hukuk derejesi, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär.

2022